26 Dekabr 2025Bezeg bäsleşigi geçirildi
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýubleý ýylynyň bellenjek 2026-njy ýylyny mynasyp garşylamak maksady bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebimizde talyp toparlarynyň arasynda baýramçylyk bezeg işleri boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik, talyplaryň döredijilik ukyplaryny we täze ýyl arçasyny bezemekdäki başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen guraldy.
Täze ýylyň öňýanyndaky baýramçylyk ruhyny döretmek üçin talyplaryň toparlaýyn taýýarlan baýramçylygyň ruhuna laýyk gelýän we her bir toparyň özboluşlylygyny, döredijilikli bezeg işleriniň häsiýetini görkezýän işlerinine aýlanylyp görüldi.
Bäsleşige gatnaşyjy toparlaryň her biri baýramçylyk bezeglerini hasam täzeläp, has ýokary derejesine çykarmak üçin döredijilikli çözgütler we täze pikirler hödürlediler. Bu bäsleşik, talyplaryň diňe bir döredijilik ukyplaryny däl, eýsem toparlaýyn işiň ähmiýetini bäsleşige gatnaşmak arkaly jemgyýetiň ösüşine we döredijilikli işlere gatnaşmaga bolan isleglerini açyp görkezdiler. Bäsleşik, talyplara dürli ugurlarda döretmek we ösüşe goşant goşmak üçin täze mümkinçilikler berdi. Garaşsyz emin agzalarynyň gelen netijelerine görä aýratyn tapawutlanan toparlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Doly oka