15 Dekabr 2025Talybymyz halkara çärä gatnaşdy
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebimiziň 3-nji ýyl talyby Janmämmedow Guwanç Birleşen milletler guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramaçylygynda, Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 2-3 aralygynda geçirilen "Merkezi Aziýanyň ýaşlary sanly zorluga garşy" atly çäresine gatnaşdy.
Çäre Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Gazagystandan 30 talyby birleşdirip, olara gender we sanly zorluk bilen baglanyşykly hakyky meseleleri çözmekde başarnyklaryny ösdürmek üçin meýdança döretdi. Dalaşgärler okuwdaky ýokary üstünlikleri we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlylygy esasynda saýlanyp alyndy.
Iki günlik maksatnama umumy sapaklary, kiberarassaçylyk we emeli aňy (EA) amaly taýdan ulanmak boýunça treningleri, şeýle hem storitelling (hekaýa gürrüň bermek) boýunça ussatlyk sapaklaryny öz içine aldy. Gatnaşyjylar BMG-niň esasy düzümleriniň (BMGÖM, ÝUNFPA, ÝUNISEF, BMG-Zenanlar, BSGG) bilermenleriniň ýolbaşçylygynda işlediler.
Bu geçirilen çäre talybymyzda uly joşgun döretdi. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň halkara çärelerine işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Doly oka