13 Ýanwar 2026Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde mugalymlaryň we talyp ýaşlaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäräniň maksady 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi we jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmekden, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmakdan, hukuk sowatlylygyny artdyrmakdan hem-de ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmekden we türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmekden ybarat.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Doly oka